ok1

  1. Ýaý bilen atylýan, ujy peýkamly uzyn göni çybyk.

  2. Tüpeň, pulemýot, rewolwer we ş. m. ýaraglarda atmak üçin içi däriden doldurylan, agzyna gurşun dykylan peşeň.

    • Indi sekiz sany döwekçi hatara durýardy, olaryň baryny ýeke ok bilen ýatyrmak boljakdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Biziň yzymyzdan atylan okuň iki sansy maşynyň gapdal demirine degdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

    • Okgun ýürek bolsa, ol hem kär etmez. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ok - okum, okuň.

gözüňde okuň bolsa urmak

seret göz

  • Ol gözünde oky bolsa meni urjak, ol maňa duşman. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ok bolup degmek

seret degmek

  • Enäniň soňky sözi Aýgüle ok bolup degdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Her sözi ok bolup degdi janyma. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

ok ýaly

  1. Göni, dogry.

    • Annagulynyň ýüregine Altynyň ok ýaly kirpikleri, sanjylan ýaly boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Çalt, ýyndam.

    • Hiňlenip, ol agaçdan -ol agaja ok ýaly atýlyp barýar, ýoldaşlaryna elini bulaýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

oka tutmak

Ok ýagdyrmak, atyp başlamak.

ok2

  1. Iki ujuna tigir geýdirilýän steržen tigirleri birleşdirýän uzyn demir.

    • Traktoryň tormoz waliginiň uly we kiçi oklaryny hem degişdirmek zerurdyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Azal, araba we ş. m. ýaly gurallarda boýutyryga dakylýan uzyn göni agaç.

    • Azalyň oky ýerinde bolsa-da, tutawajy çykypdyr, demri poslapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ok - okum, okuň.