ojak

[o:jak]

Içinde ot ýakyp üstünde nahar bişirmek, çaý gaýnatmak üçin gurlan hajalyp enjamy.

  • Öýüň tüýnüginden düşen tomus güni ojak üstünde, halynyň çetinde ýazylyp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ojakda atarylgy duran uly gazanlarda çekdirme bygyrdap gaýnaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Garaja öýüň ojagynda ot parlap ýanýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ojak - ojagy.