ogurlatmak işlik

  1. Birine bir zadyny aldyrmak.

    • Ýitirdiňizmi ýa-da ogurlatdyňyzmy? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ogurlyk etdirmek, biriniň zadyny gizlinlik bilen aldyrmak.

    • Ondan soň ýer aştyndan adam iberip, onuň goýnundan ogurlatmaga başlady. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ogurlatmak - ogurladýar, ogurladar, ogurladypdyr.