ogullyk

  1. Öweý ogul.

  2. Ogul deregine kabul edilen çaga.

    • Çopan olary ogullyga alypdyr. (Gadymly Dünýä Taryhy)

    • Gel, men muny ogullyga alaýyn! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ogullyk - ogullygy.

ogullyk etmek

Ogul deregine tutmak, hakyky ogul ýaly hyzmat etmek.

  • Öwezjan, eşitseň Göroglyň sözün, Bize bir ogullyk etmegiň gerek. («Görogly» eposy)