ogul

  1. Erkek çaga, oglan.

    • Öz ogullaryny, atalaryny ugratmaga gelen hossarlary kändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ata kesbi ogla halal. (nakyl)

  2. «Ýigit, jigit» diýen ýaly ýüz tutulup aýdylýan söz.

    • Aý ogul, hany bir aýak çek!

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ogul - oglum, ogluň, ogly.

ejem ogly

Özüni oňarmaýan, gowy terbiýlenmedik çaga, lellim.