ogrynça sypat

[ogry:nça]

Assyrynlyk bilen, ýaşyrynlyk bilen, duýdurman, gizlinlikde.

  • Biz ony ogrynça tankyt edenimizde, başlyk bilen ikiňiz onuň arkasyny tutduňyz. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Gyzjagazlaryň yzyndan ogrynça ýaltaklap gelýän tilkijik-de döşi alyp ökjäni göterýär. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  • Birisi ogrynça gelip, çadyryň deşiginden yşyklady. («Görogly» eposy)