ogryn sypat

[ogry:n]

Hiç kime duýdurman, ýaşyryn, gizlin.

  • Wepa bolsa ol ogryn çykalganyň tapylyşyny gürrüň berdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Pökgen bilen Ýelli öz aralarynda nämedir bir zat barasynda gaty assalyk bilen ogryn gürrüň edýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ogryn garamak

Assyrynlyk bilen birine seretmek, göz astyndan äňetmek.

  • Aşyr şolara syn edýän wagtynda, onuň gapdalyndan biri ogryn garap geçdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)