ogry

Ogurlyk edýän, ogurlyk etmek bilen meşgul bolýan adam, jümri.

  • Wah, şujagaz ellerim bilen birje ogry tutsamdym. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Pesalar)

  • Ýalançy ýaramaz, ogry baýamaz. (nakyl)

  • Ogry hem özüne osar, orramsy hem. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem ogry - ogruda, ogrular, ogrusy.