oglanlyk

Oglanyň ýetginjeklik ýaşyna çenli bolan çagy, çagalyk döwri.

  • Bularyň üçüsi-de şu obada önüp-ösen, oglanlyklardan bile gezen deň-duşlarydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Meniň oglanlyk ýyllarym şu günki ýaly ýadymda. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Ýaşym ep-esli bolup, oglanlykdan saýlandym. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Artyk bilen oglanlykda-da mäşi bişişmeýän, aslynda Artygy äsgermeýän Balla beýle gaýtawul örän ýokuş degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oglanlyk - oglanlygy.

oglanlyk etmek

Ýaşlyk, özüňi oglan ýaly alyp barmak.

  • Oglanlyk edendirler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)