oglan

  1. Erkek jynsly çaga, ogul çaga.

    • Oglanlary kemala gelenlerinden soň ikisi çopan-çoluk bolup gitdi, biz talabançylyk edip başladyk. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. seret çaga

    • Gyzyl aga, oglan ýaly bolmasana! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Oglan howlugar, tut wagtynda bişer. (nakyl)

    • Oglan ulumsyrar, nadan bilimsirär.

  3. Kämillik ýaşyna ýeten ýetginjek, ýaş ýigit.

    • Gözenekden bakma oglan, Göz-gaşyny kakma oglan. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Meret aga, sen özüň gidip bilmeseň, baýtalçaňy oglanlara berseň näderkä? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gully golça diýýänleri keltejik ýognas oglan. (Ata Köpek, Mergen Goşgular)

  4. Göçme manyda Erkek adama ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Annaguly tursana oglan! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýeri oglan, Begenç, näme birdenkä sesiňi tapba kesäýdiň? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

oglanlaryň ejesi

Öz aýalynyň adynyň deregine erkek adam tarapyndan käwagtlar ulanylýan ewtemistik aňlatma.

  • Geçen ýyl oglanlaryň ejesi çagalary bilen mellegimizi dyrmaşdyryp tohum atdy, ine ep-esli bugdaý çykdy duruberdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)