ogşatmak işlik

Posa aldyrmak, öpdürmek.

  • Al ýaňakdan kä ogşadyp, kä ogşap, ýüz-gözüňi synlarymykam Artyk jan! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ogşatmak - ogşadýar, ogşadar, ogşadypdyr.

ogşatmak işlik

seret meňzetmek

  • Asly ynsan ogşatmyşam Marala, ýetişdi jilwesi-boldum eserli. («Türkmen Halk Şahyrana Döredijiligi»)