ogşamak işlik

Dodaklary birine ýa-da bir zada degrip öpmek, posa almak.

  • Artyk Babala nebsewürlik bilen garandan soň ony mäkäm ogşady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ejesini ogşap, işe giderdi. (R. Seýidow. Bagtlylar)

  • Oglunyň ýüzünden maňlaýyndan gaýta-gaýta ogşady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ogşamak işlik

seret meňzemek

  • Ala gaýyşly ýorgalary tasadyp gelýän çallar tire başlyklaryna ogşaýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)