odun

[o:dun]

Ýakmak üçin ulanylýan agaç, sazak we ş. m. ýangyç.

  • Odun getirmek, sygyra seretmek, haly dokamak ýaly işler bilen oglanlykda mal bakypdy, odun çekipdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  • Gyş gününiň hözüri-oduny gury gerek. (nakyl)

  • Oduny ýygana ýakdyr, maly gazanana bakdyr. (nakyl)

ýüpüniň üstünde odun goýup bolmazlyk

seret ýüp

  • Onuň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)