odukdyrmak işlik

[o:dukdyrmak]

Öňküden-de beter hyjuwyny artdyrmak, gazabyny artdyrmak, öjükdirmek.

  • Akmaýanyň ýersiz-ýere şumjarany hoşuna gelmedik Atabaý, ony bilgeşländen has hem odukdyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Tamara, ony odukdyrmak maksady bilen däl-de, aňa diňletmek, düşündirmek niýeti bilen assyrynja söze başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Şol gürrüňler Aýnany büs-bütin odukdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Belki, sen ony odukdyryp ýörmän, biraz tizleşdirersiňiz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)