obraz at

  1. Edebiýatda, sungatda hakykatyň umumylaşdyrylyp, çeper şöhlelendiriliş formasy.

    • Türkmen sowet edebiýatynyň bu döwründe sosialistik gurluşygyň täze adamlarynyň obrazy döredildi. («Häzirki Zaman Edebiýaty»)

  2. Biriniň ýa-da bir zadyň bolşy, görnüşi, keşbi.

    • Poltowaskiniň peşeneli keşbi, howsala özüni aldyrmaýan paýhasly obrazy olaryň gözüniň öňüne geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Göz öňüne getirme-predmetleriň, hadysalaryň, görnüp duran obrazlarydyr. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

  3. Çeper eserlerde tip.

    • B. Kerbabaýewiň, «Aýgytly Ädim» romanynda Artygyň obrazy.