obadaş

[o:badaş]

Bir obada doglan, bir obada önüp-ösen, bir obada ýaşaýan.

  • Atyň üstünde oturan ýigrimi ýaşlar töweregindäki ýigit kerwenbaşynyň obadaşydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Meniň şu ýerik bir obadaşym gelipdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Tanyşlyk wagtynda iki obadaş, Ýol açdy bolmaga ömürlik ýoldaş. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)