oňuşmak işlik

  1. Biri bilen ylalaşyp ýaşamak, agzybirlik saklamak.

    • Aýna, meniň Artyk bilen oňuşmaýan meseläm bar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Arçyn aga olar bilen hem özüm oňşaryn. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Razy bolmak, kanagatlanmak.

    • Kitabyň biri bilen oňuşýan bolsam, senden soramazdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem oňuşmak - oňşar, oňşupdyr.