oňmak işlik

  1. Güzeran geçirmek, gün görmek, ýaşamak.

    • Bir sygyrsyz oňup bileris, emma erkeksiz oňup bilmeris. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Çydam etmek, mydar etmek, takat etmek.

    • Wepa şu howla aýak basman oňar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  3. Şowly bolmak, şowuna düşmek, oň bolmak.

    • Wüşi jan, alan gelniň gutly bolsun, aýagy düşümli bolsun, bu örän oňan iş! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Her zat-da bolsa, agranomdan-a oňduk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Gepleşik dili Bes etmek, gutarmak, çäklenmek, tamamlamak.

    • Merdanyň kakasy: --Hawa şeýle! -- diýdi-de oňaýdy. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem oňmak - oňdum, oňduň, oňupdyr.


Duş gelýän formalary
  • oňam
  • oňamok
  • oňan
  • oňanda
  • oňandyr
  • oňanmyş
  • oňanok
  • oňany
  • oňanyna
  • oňar
  • oňar-da
  • oňardy
  • oňardyk
  • oňardylar
  • oňardym
  • oňardyň
  • oňarmy
  • oňarsyň
  • oňaryn
  • oňarys
  • oňasym
  • oňaý
  • oňaýdy
  • oňaýmaly
  • oňaýmasaň
  • oňaýýar
  • oňduk
  • oňdular
  • oňdum
  • oňdy
  • oňjak
  • oňjakmy
  • oňluk
  • oňmady
  • oňmadyk
  • oňmadylar
  • oňmadym
  • oňmagy
  • oňmajagyny
  • oňmajak
  • oňmak
  • oňmakçy
  • oňmaly
  • oňman
  • oňmandy
  • oňmandyr
  • oňmandyrlar
  • oňmansoň
  • oňmarsyň
  • oňmasa
  • oňmasak
  • oňmasaň
  • oňmaz
  • oňmazdy
  • oňmazlygyna
  • oňmaýan
  • oňmaýar
  • oňmaýardy
  • oňmaýardylar
  • oňmaýarlar
  • oňsa
  • oňsa-da
  • oňsalar
  • oňsaň
  • oňsaňyz
  • oňsun
  • oňup
  • oňupdy
  • oňupdyr
  • oňupdyr-da
  • oňupdyrlar
  • oňuň
  • oňýan
  • oňýar
  • oňýardy
  • oňýardylar
  • oňýarka
  • oňýarlar
  • oňýarlarka
  • oňýarys