oňly sypat

Gowy, idili, ýeterlikli, doly.

  • Ýedilik pelteli çyra içerini oňly ýagtylandyryp bilmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sen öz jontuk eşegiňi münüp, onda-munda ykdyň, fewral, mart aýynda oňly gün gazanmadyň. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem oňly - oňluda, oňlular, oňlusy.


Duş gelýän formalary
  • oňlady
  • oňlam
  • oňlulyga
  • oňlulygy
  • oňlulygyň
  • oňlulyk
  • oňlulykdan
  • oňlurak
  • oňlusy