oňlamak işlik

Birini ýa-da bir zady makul bilmek, dogry tapmak, halatmak.

  • Näzik eje özüçe many çykardy, ol: --Meniň tapan gyzlarymdan birini ahyrynda Hoşgeldi oňlan bolara çemeli! -- diýip pikirlendi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Men Annagulynyň bu saňa geçmezligini özünden görjek däl we muny oňlamaýan ilden-de görjek däl. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Il oňlasa, atyňy soý. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • oňlady
  • oňladylar
  • oňladym
  • oňladyň
  • oňlam
  • oňlamady
  • oňlamadyk
  • oňlamadylar
  • oňlamaga
  • oňlamagy
  • oňlamak
  • oňlamaly
  • oňlaman
  • oňlamandyr
  • oňlamandyrlar
  • oňlamanyndan
  • oňlamasa-da
  • oňlamasyna
  • oňlamasyny
  • oňlamaz
  • oňlamazlyga
  • oňlamazlygyň
  • oňlamazlyk
  • oňlamaýan
  • oňlamaýandygyna
  • oňlamaýandygyny
  • oňlamaýanlygy
  • oňlamaýar
  • oňlamaýardy
  • oňlamaýarlar
  • oňlamok
  • oňlan
  • oňlandygyny
  • oňlanlygy
  • oňlanok
  • oňlap
  • oňlapdy
  • oňlapdyr
  • oňlar
  • oňlarsyň
  • oňlasa
  • oňlasa-da
  • oňlasaňyz
  • oňlaýan
  • oňlaýandygyny
  • oňlaýar
  • oňlaýmakdan