oňarmak işlik

  1. Bir zady düzetmek, tertibe salmak, bejermek.

  2. Bir işiň hötdesinden gelip bilmek, bir işi başarmak.

    • Men nahar taýýarlamagy-da, dürli-dürlüçe bişirmegi-de oňarýaryn. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Ol halkyň, arasynda has giň ýaýran çeper otorizmleri, nakyllary öz ýerinde degerli edip peýdalanmagy oňarýar. («Edebiýat»)

  3. Gepleşik dili Öz ýerinde aýtmak, hötdesinden gelmek, duzlamak (ses bilen).

    • Sen bolsa-da, ony aňardyň!

özüňi oňarmak

seret öz1

  • Keliň iň ýuwaşy hem köpriniň aşagynda ýatyp düýe ürküzýär welin biziň kelimiz bolsa özüni oňarman, aşyk ýaly oýnadyp ýörýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)