oýunjak

  1. seret oýnawaç

    • Bu oýunjaklaryň hemmesini fizika kurjogynyň çlenleri ýasan ekenler. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Batyrjyk peçiň ýanynda dürli oýunjaklar bilen güýmenip otyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Aňsat, ýeňil elujy, ýönekeý.

    • Bu iş oýunjak iş däl, ýöne meniň özüm slesar, maşyn ussasy, munuň ýaly zatlary bejermek işi elimden köp gelip geçdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oýunjak - oýunjagy.