oýun at

  1. Oýnalýan zatlaryň görnüşi, ýoly.

    • Olar ör oýunlarynyň gyzgalaňy bilen daş töwerekden gopgun tursa-da duýmaýarlar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Oýun bir, maza iki. (nakyl)

  2. Teatr Sahnada oýnalýan tomaşa, spektakl.

    • Men dün «Zöhre-Tahyr» oýnuny gördüm.

  3. Degişme, bälçireşme.

    • Size oýun gerek. («Bahar»)

    • Seniň çynyňmy ýa-da oýun edýärmiň. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem oýun - oýnum, oýnuň, oýny.

başyňa oýun getirmek

Her hili aldawlara duçar etmek, her hili pyrryldak etmek.

oýun götermek

Degişmede gaty görmezligi başarmak, oýna çydamak.

  • Edilen oýny götermek.

oýunlyga salmak

Degişmä salyp diýjegiňi diýmek, aýtjagyňy aýtmak.

  • Agronom oýunlyga salyp, bu ikisine degdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • oýna
  • oýnady
  • oýnadyk
  • oýnam
  • oýnamy
  • oýnudy
  • oýnudyr
  • oýnum
  • oýnumdan
  • oýnumy
  • oýnumyka
  • oýnumyz
  • oýnumyza
  • oýnumyzyň
  • oýnun
  • oýnuna
  • oýnunda
  • oýnundan
  • oýnuny
  • oýnunyň
  • oýnunyňam
  • oýnuň
  • oýnuňa
  • oýnuňky
  • oýnuňy
  • oýnuňyz
  • oýnuňyzdan
  • oýny
  • oýunda
  • oýundaky
  • oýundamyş
  • oýundan
  • oýundy
  • oýundygyna
  • oýundygynyň
  • oýundyr
  • oýunlar
  • oýunlara
  • oýunlarda
  • oýunlardan
  • oýunlardyr
  • oýunlary
  • oýunlary-da
  • oýunlaryma
  • oýunlarymy
  • oýunlarymyz
  • oýunlaryna
  • oýunlarynda
  • oýunlaryndaky
  • oýunlaryndan
  • oýunlaryny
  • oýunlarynyň
  • oýunlaryň
  • oýunlaryňy
  • oýunlaryňyz
  • oýunlyga
  • oýunlygyna
  • oýunlyk
  • oýunmy
  • oýunsyz
  • oýunça