oýtak

[o:ýtak]

Birneme pesräk, oýrak, çöketlik (ýer).

  • Sanly salymyny içinde ýeriň tozanyny ýapyryp, mele suw oýtak ýerlere bakan sowlup başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Men mekdepde okan ýyllarymda öýmüziň ýanyndaky oýtakda ekin ekerdim. («Mydam Taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oýtak - oýtagy.