oýnatmak oý‧nat‧mak işlik

  1. Oýun etdirmek, oýna goşmak, oýnamaga, gezmäge mümkinçilik bermek.

    • Jigimi oýnadyp ýörkäm, birden ýagyş ýagyp başlady. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Pýesalar)

  2. Bir roly ýerine ýetirtmek.

  3. Öz üstünden güldürmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oýnatmak - oýnadýar, oýnadar, oýnadypdyr.

at oýnatmak

Sapalak atmak, sypjyklyk etmek, çynlakaý ýapyşmazlyk.


Duş gelýän formalary
  • oýnadamok
  • oýnadan
  • oýnadanoklar
  • oýnadardy
  • oýnadarlar
  • oýnadaý
  • oýnadyp
  • oýnadypdyr
  • oýnadyň
  • oýnadýan
  • oýnadýandyr
  • oýnadýar
  • oýnadýardy
  • oýnadýardylar
  • oýnadýarlar
  • oýnatdy
  • oýnatdylar
  • oýnatdym
  • oýnatma
  • oýnatma-da
  • oýnatmadym
  • oýnatmaga
  • oýnatmagy
  • oýnatmagyň
  • oýnatmak
  • oýnatmaklyk
  • oýnatmalara
  • oýnatmalary
  • oýnatmalarynyň
  • oýnatmalydyr
  • oýnatmasana
  • oýnatmaz