Oýun bilen meşgullanmak, oýuna gatnaşmak.
Aýu, Sona! Sapaklaryňy taýýarlaňyňdan soň, oýnamaga gel! (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary)
Ol taýda bir topary üýşüp düzzüm oýnaýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Bir roly ýerine ýetirmek her hile hereketler bilen oýun görkezmek.
«Görogly» dramasynda ol Öweziň roluny oýnady.
Biri bilen oýun etmek, bälçiräp biriniň üstünden gülmek, degişmek.
Meni oýnamaň maňa işlemäge mümkinçilik beriň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Eýläk-beýläk hereket etmek.
Onuň gara gözleri oýnap durýardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ähmiýeti uly bolmak, uly ähmiýete eýe bolmak.
Beýik ýazyjylaryň eserlerini höwes bilen düýpli öwrenmegiň uly rol oýnadygy şeksizdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)