oýnalmak işlik

  1. Oýun bilen meşgul bolunmak, oýna gatnaşylmak.

    • Özara gürrüňiň arasynda küşt oýnaldy. («Mugallymlar Gazeti»)

    • Indiki agşamky oýnaljak ýeride şol ýerde eýýäm bellenilendir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Bir rol ýerine ýetirilmek, oýun ýerine ýitirilmek.

  3. Oýun gülki obýekti bolmak, oýun edilip aldawa düşürilmek.

    • Ol özüniň oýnalýandygyny aňdy.