[o:ýmak]
Tikin tikilende, barmaga geýdirilýän metaldan edilen esbap.
[o:ýmak]
Bir zady gazyp ýa-da kesip oý etmek, çukanak etmek.
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem oýmak - oýdum, oýduň, oýupdyr.
[o:ýmak]
Oý bolan, oýulan, çukanak.
Aşaky hem ýokarky işikde tegelejik oýmak çukurjyk bar eken. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)