oýluk oý‧luk 1

[o:ýluk]

Geografiýa Oý ýer, peslik, çöketlik.

  • Bu oýlukda duran ýeriňden diňe aňňat-aňňat depelerden aşyp gelýän maldarlada gözüň düşýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Oýluklarda ýekegapanlar hem bar. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oýluk - oýlugy.

oýluk oý‧luk 2

[o:ýluk]

Sowukdan goranmak üçin egne atylýan, keçeden tikilen ýeňsiz geýim, ýapynja.

  • Wüşi kel çopanyň oýlugyny egnine geýip, odun başyna geldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Nurýagdy bolsa aşagyna sazak -selen düşäp, oýluga dolanyp oturan ekeni. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oýluk - oýlugy.


Duş gelýän formalary
  • oýluga
  • oýlugy
  • oýlugydyr
  • oýlugyna
  • oýlugynda
  • oýlugyndan
  • oýlugyny
  • oýlukda
  • oýlukdan
  • oýluklar
  • oýluklara
  • oýluklarda
  • oýluklardan
  • oýluklary
  • oýluklaryň