oýlanmak işlik

[o:ýlanmak]

  1. Bir zada ünsüňi gönükdirmek, bir zat barada pikir etmek, pikirlenmek.

    • Ezize uzak oýlanmaga-da hajat galmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Paýhas etmek, göz öňüne getirmek, paýhaslanmak, pikirlenmek.

    • Ol seniň oýlanmagyňa, halk hakimiýetini kimiň goraýanyna düşünmegiňe garaşýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bu ýagdaý Garýagdyny pikirlenmäge, oýlanmaga mejbur edýär. (H. Ysmaýylow, Powestler)