[o:ýlamak]
Bar ünsüňi gönükdirmek, bir zat barada pikir etmek, pikirlenmek.
Adamlar! siz oýlap görüň: patyşadan işçi razymy? --Ýok! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hawa, başlyk, ýaňy maňa: --bir ýana gezmäge gideli! -- diýdi weli, şoňa gitsemmikäm-gitmesemmikäm diýip oýlap durmuş. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Şu beýik maşgalada özüniň nähili derejede orun tutandygyny oýlar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Çak etmek, paýhas etmek, çaklamak.
Myrat öz ýanyndan: --indi bir çen boldy! -- diýip oýlan bolsa gerek. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Döredijilikli işläp, täze bir zat döretmek, täze bir oýlap çykarmak.
Täze eranyň II asyrynyň başynda Hytaýda kagyz oýlap tapypdyrlar. (Gadymy dünýä taryhy)