oýkanjyramak işlik

  1. Eýläk-beýläk gozganmak, gymyldap oturmak, gozganjyramak.

    • Nähoş adam kimin iki ýana oýkanjyrap, ynjalyksyz ýatdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

    • Ol oýkanjyrady-da: --Goýun bakaryn -- diýdi. («Tokmak» žurnaly)

  2. Bir işi ýerine ýetirmän ýaýdanjyrap durmak, ikirjiňläp durmak.

    • Düşmezlige salyp, oýkanjyrap otyr zaňňar. («Görogly» eposy)