oýarmak işlik

  1. Ukudan açmak, turuzmak.

    • Ony ýuwaşlyk bilen oýaryp öýlerine alyp geldi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  2. Ýüze çykarmak, döretmek.

    • Onda öz güýjüne beýik ynanç duýgusyny oýarýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Aýaga galdyrmak, täze duýgy döretmek, janlandyrmak.

    • Tüpeň sesleri bütin obany oýarypdy, diňe her kim öz tüneginde dymyşyp oturýardylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)