1

[o:ý]

Biri ýa-da bir zat barada edilýän pikir, akyl ýetiriş.

  • Seniň gizlin syryňy Iwan duýmaýandyr diýen oý seniň göwnüňe gelmesin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem oý - oýum, oýuň.

oý köli

Pikiriň jümmüşi.

oýa çümmek

Çuň pikire gitmek.

  • Ol ýol boýy bütin göwresi bilen oýa çümüp gelýärdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Aýsoltan gök otlara gözi düşende bolsa oýa çümdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

2

[o:ý]

  1. Geografiýa Pesýer, çöketlik.

    • Marynyň golaýynda, Amaşanyň oýunda, Murgabyň boýunda mydama gök bürenip oturan bir uly oba bar. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Sürüniň oýa inýän tarapyna seredip başlady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Çukur emele gelen ýer, çukur.

  3. Tekiz däl, düz däl, pes.

    • Tamy suwagynyň şu ýeri oý bolupdyr.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem oý - oýum, oýuň.


Duş gelýän formalary
  • oýa
  • oýady
  • oýadyr
  • oýamy
  • oýamyka
  • oýda
  • oýdady
  • oýdan
  • oýdular
  • oýdum
  • oýdur
  • oýduň
  • oýdy
  • oýlar
  • oýlara
  • oýlarda
  • oýlardan
  • oýlary
  • oýlarym
  • oýlaryma
  • oýlarymda
  • oýlarymdan
  • oýlaryna
  • oýlarynda
  • oýlaryny
  • oýlaryň
  • oýluga
  • oýlugy
  • oýlugydyr
  • oýlugyna
  • oýlugynda
  • oýlugyndan
  • oýlugyny
  • oýluk
  • oýlukda
  • oýlukdan
  • oýly
  • oýmuş
  • oýsuz
  • oýum
  • oýumda
  • oýumy
  • oýun
  • oýuna
  • oýunda
  • oýundaky
  • oýundamyş
  • oýundan
  • oýuny
  • oýunyň
  • oýuň
  • oýuňa
  • oýuňdan
  • oýuňyza
  • oýy