nyşana

[nyşa:na]

  1. Okuw, öwrenmeklik, ýaryş maksady bilen atyş predmeti.

    • Ol toýda mergençilik atyşyna gatnaşyp, birnäçe sapar nyşanyny urup, pul hem içine paý düwlen ýaglyk baýraklary alypdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. seret nyşan

  3. Göçme manyda Daş keşbi, görnüş, sypat, boluş.

    • Onyň nyşanasy üýtgäpdir.

nyşana almak

  1. Nyşanalamak çenelmek.

    • Annak oňly nyşana alyp bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Göz astyna almak.