nyşan

[nyşa:n]

  1. Bir ýagdaýy ýa-da bir zady bildirýän alamat, bellik.

    • Onuň ädim ädişinden we beýleki nyşanlaryndan çen tutup, onuň kyrk bilen elli ýaşyň arasyndaky adamdygyny aýtmak bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Könelişen söz Döşe dakylýan ýüzi suratly tegelejik ýa-da plastinka görnüşli metal belgi, orden, medal.

    • Döşünde uruş günlerinde zähmet frontunda işlänligi üçin sylaglanan nyşan ýalpyldaýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)