Tegelejik tegmilt.
Orazgülüň käbir ýeri gastyn atan bugdaýreňk ýüzüniň sag tarapynda garaja nokat ýaly meňi bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Grammatik termin Gutaran pikiri tapawutlandyrmak üçin we käbir gysgaldylan sözler ýazylanda ulanylýan dyngy belgi.
Habar sözleminiň ilki sözüniň soňunda hemişe nokat goýlup, ondan soň başlanan sözlemiň ilki sözüniň birinji harpy baş harp bilen ýazylar.
Fizika Suwuklygyň bir haldan başga bir hala geçiş derejesi.
Gaýnama nokady.
Ereme nokady.
Doňma nokady.
Ýer, punkt.
Söwda nokady.
Ok atylýan nokat.
Daşdan çala görünýän zat, gara.
Alysdan göründi bir gara nokat. Bilmedim men onda niçik hereket. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Bir zadyň gutaran ýeri, ýokary derejesi.
Onuň gürrüňi ahyry nokadyna ýetdi.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem nokat - nokady.
Aşakly-ýokarly goýlup ulanylýan goşa nokat, dyngy belgisi (:).