nohut no‧hut

Botanika Kösükli birýyllyk medeni ösümlik we onuň togalajyk dänesi.

  • Ol ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme künji, nohut we gawun-garpyz ýaly ekinler-de emele gelýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Nohudyň, mäşiň, darynyň we başga dänelileriň dürli sortlary hem aýratyn gaplarda durýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem nohut - nohudy.


Duş gelýän formalary
  • nohuda
  • nohudy
  • nohudynda
  • nohudyndan
  • nohudyny
  • nohudynyň
  • nohudynyňky
  • nohudyň
  • nohudyňky
  • nohutda
  • nohutdan
  • nohutlar
  • nohutlary
  • nohutly