nobat at

[no:bat]

Bir zadyň gidiş ugrunyň tertibi, gezek.

  • Herki zadyň özüniň wagty, nobaty bardyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ata-baba miras paýlaşygynda ýeten iki tanap boş ýeri we ýigrimi günden aýlanyp nobaty gelýän ýarym sagat suwy-Orsgeldiniň bar mülki-baýlygy hem şulardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

birinji nobatda

Iň ilki bilen, öňürti.

  • Indi aýal-gyzlar erkekler bilen deň hukukda, olar birinji nobatda okamaly. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)