nika at

[nika:]

Kanun boýunça resmileşdirilen är-aýallyk gatnaşygy.

  • Nika biziň öňümizde gör nähili ajaýyp mümkinçilik açýar. (M. Gorkiý, Eserler)

nika gyýmak

Köne adata görä, durmuş guran ýaşlaryň biri-birilerine razylyklaryna görä, geçmek, durmuş gurmagy adata görä, resmileşdirmek.

  • Derrew toý tutuldy, nahar goýuldy, Ol agşam bulara nika gyýyldy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

nika suw

Köne däp boýunça nika gyýlanda berilýän süýjülik suwy.

  • Her kime owurt- owurtdan nika suwy paýlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

nika ýaşly

Nika girmäge kanun boýunça ýaşy ýeten.

  • Bir ýyly ýetenok nika ýaşyna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

nikany bozmak

Resmi är-aýal bolup ýaşamagy bes etmek aýrylyşmak.