niýet ni‧ýet

Bir zada, işe öňünden döreýän isleg, hyýal, maksat.

  • Sekiz müňçüler hataryna giräýmek niýetim hem ýok däl. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Aýsoltan öz duýgusuny duýdurmazlyk niýeti bilen, ejesiniň sözüni kesdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Sen şu ýerik näme niýet bilen geldiň?! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Aýna ejesini ugratmak, ýene kimidir görmek niýeti bilen düýäniň başyny idip ugrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýagşy niýet- ýarym döwlet. (nakyl)

niýeti bozuk

Ýaman niýetli, gara ýürekli.

  • Päli-niýeti bozuk adam. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • niýetde
  • niýetdedir
  • niýetden
  • niýetdi
  • niýetdigim
  • niýetdir
  • niýete
  • niýeti
  • niýeti-de
  • niýetim
  • niýetimde
  • niýetimden
  • niýetimi
  • niýetimiz
  • niýetimizden
  • niýetimizi
  • niýetimiziň
  • niýetin
  • niýetinde
  • niýetindedi
  • niýetindemi
  • niýetinden
  • niýetindäki
  • niýetine
  • niýetini
  • niýetiniň
  • niýetiň
  • niýetiňde
  • niýetiňe
  • niýetiňi
  • niýetiňiz
  • niýetiňizde
  • niýetiňize
  • niýetler
  • niýetleri
  • niýetlerim
  • niýetlerimize
  • niýetlerinden
  • niýetlerine
  • niýetlerini
  • niýetleriniň
  • niýetleriň
  • niýetli
  • niýetliler
  • niýetlileriň
  • niýetliligi
  • niýetlilik
  • niýetlini
  • niýetmi
  • niýetsiz