niçik

Gepleşik dili Nähili, neneňsi, nätüýsli.

  • Ýoluň açyk, saýlap niçik kär tutsaň, ýoluň açyk, haýsy tarapa gitseň. (A. Haýydow, Gök Asman)

  • Alysdan göründi bir gara nokat, bilmedim men onda niçik bereket. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Niçik ýagdaýyňyz, halyňyz niçik? Ara daş bolsa hem, birdir ýüregimiz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem niçik - niçigi.