nesýe

Söwda-satykda belli bir möhlete çenli pulsuz alnan, nagt bolmadyk.

  • Düýe paýlaşylanda, bular hem ondan bir paý bolup, üleşige goşuldylar we: --Elimize düşende gowşurarys -- diýip, nesýe aldylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Nagtym barka, nesýäňi nädeýen! ? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Nagt suwum barka, nesýe şerabyňy nädeýin. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)

nesýe geçmek

Nesýe pul ýa-da zat alyp bilmek, nesýe berilmek..