nemjiretmek işlik

Birneme çyg çekdirmek, birazajyk yzgar aldyrmak.

  • Radiatordan uly güýç bilen bug çykyp, maşynyň aýnasyny nemjiretdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem nemjiretmek - nemjiredýär, nemjireder, nemjiredipdir.