nejat

[neja:t]

Çäre, çykalga, alaç.

  • Men öňünden öz nejadymy özüm garaýyn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Indi halypa, nejadyňy garaber! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem nejat - nejady.