Köp zada eýe bolmaklyk islegi, meýli.
Artykmaç mirasa eýe bolmak nebsi onuň başyny aýlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol öz nebsiniň öňüne serhet çekip bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem nebis - nebsi.
Bir zatdan köp almaklyga ymtylmak, açgözlülik etmek, nebsewür bolmak.
Özüniň gara nebsine çapyp, Keljäni we onuň ýoldaşlaryny heläk etmegi ýüregine düwen betniýetli açgöz han bolsa, ahyrsoňy öz başyny aldyrýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Höwesi artyp başlamak, peýdasyna çapmak, nebsini bilip başlamak.
Oglanlaryň altyn guşlara nebsi otugdy. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)
Nebsini bilýän, nebsiniň ugrunda gezýän, nebisli, nebisjeň.
Ol özüniň nebsine gaýym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir zada gynanmak, bir zat için ýürek awamak, rehimiň inmek, haýpyň gelmek.
Seniň öý hojalykyçysy bolup galyşyňa nebsim agyrýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Nebsimiz agyrsa-da, şol sowala düşünmeýän spesialistler-de ýok däl. («Sowet edebiýaty» žurnaly)