Bir zada seretmek, çemine göz gezdirmek.
Ala gözlerini Muhammede nazarlap: -- Men-ä seniň näme diýjek bolýandygyňa hiç düşünüp bilmeýärin! -- diýip, diňirgenip durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol garymyň içindäki bugdaýy nazarlanda «üç müň ýa bäş müň düýe bolsa gerek» diýip çak urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Garawula almak, çenemek.
Rezin turbany Orazalynyň döşüne nazarlap, suw pürkdi welin, Orazaly döşünden ok degen däldi öýtmedi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)