nazar na‧zar

Birine ýa-da bir zada bakyş, garaýyş.

  • Bahar syr aňjak bolýan ýaly, bir hili şübheli nazar bilen seretdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Penjireden batly-batly bulanýan ýaglyk bularyň nazaryny özüne çekdi. («Tokmak» žurnaly)

nazar almak (tutmak)

  1. Göz öňünde tutmak, hasaba almak.

    • Kemçilikleri ýakyn günlerde düzetmäge söz berindigini nazara alyp, men ony brigadirlikde galdyrmagy teklip edýärin. («Zähmet gahrymanlary»)

  2. Nyşana almak, nyşanlamak.

    • Ol çaltlyk bilen tüpeňiniň agzyny öwrüp, onuň goltugyny nazara alyp, mäşäni çekdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

nazar dikmek

Birine ýa-da bir zada üns bilen bakmak, dykgat bilen seretmek.

  • Aýsoltan Begenje nazaryn dikdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

nazar etmek

seret nazar salmak nazar salmak

  • Tebigatyň nazar eden adamlary.

nazar kaklyşmak

Biri-biriňe gözüň düşmek, biri-biriňe garamak.

  • Ýigidiň nazary howlynyň daşyna çykan gyz bilen kaklyşdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

nazar salmak

Birine ýa-da bir zada garamak, seretmek.

  • Ol elinde kepgir tutup, kä palawly gazana, käte bolsa towukly gaba nazar salýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Ýygnagyň gün tertibi bellenen kagyza gaýtadan nazar saldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

nazar taşlamak

Birine ýa-da bir zada garap goýmak, bakmak.

nazardan sypdyrmak

Ünsden düşürmek, gözden salmak.

  • Alasarmyk garaňkynyň içinde ýigitler her bir gymyldyny nazarlaryndan saldyrmajak bolşup jan edýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

nazary düşmek

Birini ýa-da bir zady görmek, birine, bir zada gözi düşmek.

  • Heniz gyzyşmandyr deňiz bazary, Goňşy gämilere düşdi nazary. (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar)

nazaryndan ganmak

Biriniň seredişinden mähir tapmak, özüňi kanagatlandyrmak.

  • Eziziň nazaryndan ganypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • nazar-da
  • nazara
  • nazaram
  • nazarda
  • nazardady
  • nazardan
  • nazardanam
  • nazardandyr
  • nazardygyny
  • nazardyr
  • nazarlar
  • nazarlara
  • nazarlardan
  • nazarlary
  • nazarlarymyz
  • nazarlaryn
  • nazarlaryna
  • nazarlarynda
  • nazarlaryndan
  • nazarlaryny
  • nazarlarynyň
  • nazarlaryň
  • nazarly
  • nazarlynyň
  • nazarmy
  • nazary
  • nazarydyr
  • nazarym
  • nazaryma
  • nazarymda
  • nazarymdan
  • nazarymy
  • nazarymyzy
  • nazarymyzyň
  • nazarymyň
  • nazarymça
  • nazaryn
  • nazaryna
  • nazarynda
  • nazaryndaky
  • nazaryndan
  • nazaryny
  • nazaryny-da
  • nazarynyň
  • nazaryň
  • nazaryňam
  • nazaryňky
  • nazaryňkydy
  • nazaryňy
  • nazaryňyzam
  • nazaryňyzdan