naw1

[na:w]

Kesilip goýlan ýogyn göni agaç, pürs.

  • Nawdan howul-hara ýasalan sal suwa goýberildi. («Mydam Taýýar» gazeti)

naw ýaly

Uzyn boýly, syratly.

  • Görsem, ynha, dokmaçylaryň arasynda naw ýaly syratly bir gyz bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

naw2

[na:w]

Nowa görnüşli gaýyk.

  • Nawumyzy ýükden dolduryp, göni Şagadama tarap ýelkeni çekdik. (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar)

  • Adamlar derýajygyň öňüne bent çekdiler, onuň ýolunda degirmen tigirlerini goýdular, gaýyk we naw ýasadylar. (M. N. Skatkin, Jansyz Tebigat)