nas

Kül, hek, ýag we ş. m. garylyp, neşe üçin diliň aşagyna atylýan kül pisint gök madda.

  • Agzyndaky nasyny palçyldadyp, çem gelen ýere pürküp otyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gök çaý içýärdiler, nahar iýýärdiler, soňundan bolsa nas atyp, çilim çekip gyzykly gürrüň edişýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Aşyr agzynyň nasyny dökmäge maý tapman gulak asdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)